Ykdysady ösüş gowy zat, ýöne…

Gutly Yegendurdyyev
1 min readJun 24, 2019
Foto: Roman Logov | Unsplash

Ösen ykdysadyýet köp zat berýär. Köp pul, köp haryt, lýuks öýler, maşynlar. Ýöne onuň berip bilmeýän zatlary hem bar. Köp adamlar ösüşi diňe ykdysadyýet bilen baglanyşdyrsa-da, aslynda ösüşiň diňe belli bir bölegi ykdysadyýet bilen bagly. Ösen ykdysadyýetli ýöne yzagalak halkaram bar. Häzirki wagt muny baý arap döwletleriniň mysalynda görüp bolýar.

Katary, Kuweýti alyp göreliň. Gysga wagtyň içinde bir-birinden uzyn göge diräp duran kaşaň binalardan doldy. Araplar mes, şat. Bir gün Ferraride, beýleki gün Rolls Roýsda. Iýeniň öňüňde, iýmedigiň gyrnaklaryň öňünde. Ykdysadyýet pajarlap ösýär. Nebit joşup akyp ýatyr. Çykaryp we satyp ýetişdigiň bes.

Şunlukda, Kuweýt ösen ykdysadyýet. Ýöne, ösen jemgyýet däl! Sebäbi münýän maşynlary üçin italýanlara mätäç, ýaşaýan jaýlary üçin amerikanlara, geýjek geýimleri üçin hindilere. Telefonyny koreýler ýasap berýär. Oturjak mebellerini türklerden alýarlar. Okajak kitaplaryny, diňlejek sazlaryny, görjek kinolaryny… ― (bular nämäme gerek habibi?).

Nebitden başga hiç zady — akademikleri, režissýorlary, kompozitorlary, ýazyjylary, inženerleri bolmadyk bu döwlete, hiý bir, ösen döwlet diýip bolarmy?

--

--